“Jon-Uigiň” spin-off-y prokatda garaşylan netijäni bermedi

  • 10.06.2025 13:12
  • 3.2k+

“Balerina” filmi – “Jon Uigiň” ilkinji doly metražly spin-off-y amerikan prokatyna 25 mln dollar bilen başlady. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, premýeradan öň film azyndan 35 mln dollar ýygnar diýlip garaşylypdy.

Bu franşizada ikinji iň pes görkezijidir: ondan az ýygymy 2014-nji ýylda 14,4 mln dollar bilen prokata başlan ilkinji film görkezipdi. Ýöne bu filmiň býujeti 20 mln dollardan sähel köpdi, “Balerina” üçin bolsa filmi döredijiler, takmynan, 90 mln dollar sarp etdi. Çykdajylaryň uly bölegi gaýtadan düşürmek bilen baglanyşyklydy.
Aslynda, režissýor Len Uaýzman filmi 2023-nji ýylyň fewralynda düşürip tamamlady, ýöne Lionsgate studiýasy ahyrky netijeden kanagatlanmady. Prodýuserler oňyn däl synlaryň öňüni almak isledi, çünki ol tutuş franşiza täsir edip biljekdi. Şonuň üçin filmiň hilini ýokarlandyrmak kararyna gelindi. Munuň üstünde franşizanyň asyl filmleriniň prodýuseri we režissýory Çad Stahelski işledi. Netijede, ol Uaýzman gatnaşmazdan ähli ekşn-sahnalary we filmiň esli bölegini gaýtadan düşürdi. Tankytçylaryň we tomaşaçylaryň ýokary bahalaryny göz öňünde tutsaň, netije oňyn boldy.
ABŞ-dan daşary hem film 26 mln dollar ýygnady. Umumy kassa ýygymy 51 mln dollara ýetdi.
Hasaplamalara görä, “Balerina” 80-90 mln dollar ýygnap biler. Film sanly platformalarda çykandan soň, çykdajylary ödese gerek. Ýöne awtorlar üçin esasy zat – franşiza zyýan çekmedi. Bu häzirki wagtda “Jon Uik” boýunça diňe bir bäşinji bölümiň däl, eýsem Keýn barada spin-off-uň taýýarlanýandygyny göz öňünde tutsaň, örän möhümdir. Soňkusynda esasy keşbi Donni Ýen ýerine ýetirer – ol režissýor hökmünde hem çykyş eder. Munuň bilen birlikde “Jon Uigiň” animasion prikweline garaşylýar – onda Kianu Riwz gahrymana ses berer, režissýor Şennon Tindl bolar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....