Windows 11 ulanyjy işjeň bolmadyk wagty prosessory awtomatik ýagdaýda haýalladar

  • 10.06.2025 12:16
  • 1.2k+

Microsoft korporasiýasy Windows 11-de täze energiýa tygşytlaýyş funksiýasyny synag edýär. Bu funksiýa ulanyjy kompýuter bilen aragatnaşyga girmedik wagtynda prosessoryň öndürijiligini awtomatik ýagdaýda peselder. «User Interaction-Aware CPU Power Management» atly gural häzirki wagtda operasion ulgamyň beta wersiýasynda barlanýar.

Eger-de Windows kursoryň hereketini, klawişlere basylmagy ýa-da beýleki hereketleri anyklamasa, enjamy işjeň däl diýip hasaplar we energiýa tygşytlaýyş ýagdaýyny işjeňleşdirer. Bu ýagdaýda prosessoryň güýji dolandyryş (PPM) sazlamalary enjamyň öndürijisi tarapyndan kesgitlenýän görnüşde ulanylar. Prosessor pes ýygylyga we naprýaženiýä geçýär ýa-da uky režimine meňzeş ýagdaýa girýär.
Ulanyjyň işjeňligi täzeden başlanda, Windows ulgamy adaty ýagdaýa gaýtaryp getirýär. Microsoft-yň aýtmagyna görä, bu ýagdaýlar arasyndaky geçişler ulanyjy üçin göze ilmez ýaly bolar.
Ulgam käbir aýratyn ýagdaýlary hem göz öňünde tutar, meselem, wideo görkezilýän mahaly prosessor haýallamaz. Beýleki kadadan çykmalar barada häzirlikçe maglumat berilmedi.
Bu funksiýa Windows 11 24H2 we 25H2 wersiýalaryna degişli 26200.5603 belgili ýygyndyda synag edilýär. Şeýle-de Copilot atly emeli aň kömekçisiniň esasynda täze funksiýanyň işe girizilmegine garaşylýar. Ol akkumulýatoryň ýagdaýyny yzarlap, iş möhletini uzaltmak üçin sazlamalary üýtgetmegi teklip eder.


17.03.2026 16:47
884

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.5k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
869

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...