Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

  • 09.06.2025 19:30
  • 7.1k+

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi.

Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy. Lukman üç çaganyň hem dişinde kariesiň giňden ýaýrandygyny aýtdy. Çagalaryň dişleriniň ýagdaýy juda erbet bolansoň, olaryň birnäçesini sogurmaly bolupdyr.
Barlagdan geçirip, bejergi berenden soň diş lukmany bu ýagdaýy ygtyýarly edaralara habar berdi. Polisiýa derňew işine başlady.
Iş kazyýete baryp ýetdi. Är-aýal öz günäsini boýun almady, ýöne barybir kazyýet olary günäli bildi we hersini sekiz aý azatlykdan mahrum etdi.
Kazyýet işiniň jikme-jiklikleri, şol sanda çagalaryň ýaşy we goşmaça ýagdaýlar takyklanmady.


26.07.2025 16:51
5.4k+

Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy

Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär...

20.04.2025 21:54
3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi...

19.04.2025 18:01
4.7k+

Şwesiýada loslaryň göçüşine göni ýaýlymda millionlarça adam tomaşa etdi

Şwesiýanyň «SVT» teleýaýlymy ýüzlerçe loslaryň Ongerman derýasyndan geçýän pursadyny surata düşürmek üçin, 30-dan gowrak uzakdan dolandyrylýan we gijeki görüşli kamerany hem-de 20 müň metr kabel ulanýar diýip, «The Guardian» ýazýar...

25.03.2025 12:33
5.5k+

Şwesiýada wikingler döwrüniň örän seýrek duşýan bilezigi we gadymy altyn torky tapyldy

Şwesiýada iki sany seýrek duş gelýän artefakt tapyldy. Olar - wikingler döwründen galan demir bilezik we agramy bir kilograma golaý bolan gadymy altyn tork. Bu barada Heritage Daily we Arkeonews habar berýär. Ýaşy...