Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy

  • düýn 16:51
  • 2.5k+

Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar.

Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär. Bu iş gyş we ýaz aýlarynda Norwegiýanyň deňiz muzeýiniň we Norwegiýanyň medeni mirasyň barlaglary institutynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygy astynda başlandy. Bu ýer XIX asyrda kenarlaryna çäge ýazylan Luelwa derýasynyň aýagynda ýerleşýär. Bu bolsa artefaktlaryň ajaýyp ýagdaýda saklanmagyna mümkinçilik beripdir.
Şeýle hem bu ýerden 3000-den gowrak süňk, esasanam iýmit galyndylary tapyldy. Olaryň arasynda it süňkleri hem bar.
Tapyndylar 700 ýyl ozal Oslonyň ýaşaýjylarynyň durmuşy we medeniýeti barada köp gyzykly maglumatlary berýär.


09.06.2025 19:30
7.1k+

Şwesiýada çagalarynyň dişine dogry ideg etmändigi üçin ene-atasyna temmi çäresi görüldi

Şwesiýanyň kazyýeti üç çagasynyň dişine dogry seretmändigi üçin ene-atany sekiz aý azatlykdan mahrum etdi. Bu barada Aftonbladet gazeti habar berdi. Boros şäherinde işleýän diş lukmany öz kabul edişligine gelen çagalaryň dişini görenden soň degişli edaralara ýazan arzasy derňew işlerine başlanmagyna sebäp boldy...

20.04.2025 21:54
3k+

Şwesiýada 7500 ýyl ozal söweş paltasy hökmünde ulanylan şah tapyldy

Şwesiýada arheologlar Strandwegen ýerinden tapylan 7500 ýyllyk sugun şahyny öwrendi. Sekiz ýyl mundan ozal tapylan artefakt döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenildi. Ylmy gözlegiň netijeleri barada Live Science neşirine Lund uniwersitetinden arheolog Lars Larssen gürrüň berdi...

19.04.2025 18:01
4.7k+

Şwesiýada loslaryň göçüşine göni ýaýlymda millionlarça adam tomaşa etdi

Şwesiýanyň «SVT» teleýaýlymy ýüzlerçe loslaryň Ongerman derýasyndan geçýän pursadyny surata düşürmek üçin, 30-dan gowrak uzakdan dolandyrylýan we gijeki görüşli kamerany hem-de 20 müň metr kabel ulanýar diýip, «The Guardian» ýazýar...

25.03.2025 12:33
5.4k+

Şwesiýada wikingler döwrüniň örän seýrek duşýan bilezigi we gadymy altyn torky tapyldy

Şwesiýada iki sany seýrek duş gelýän artefakt tapyldy. Olar - wikingler döwründen galan demir bilezik we agramy bir kilograma golaý bolan gadymy altyn tork. Bu barada Heritage Daily we Arkeonews habar berýär. Ýaşy...