Volvo akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Ol her adama görä awtomatik sazlanýar

  • 08.06.2025 21:13
  • 5.2k+

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy adamyň indiwidual aýratynlyklaryna görä sazlanmaga ukyply bolan akylly howpsuzlyk kemerini döretdi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär.

Täze ulgam ýolagçynyň agramyny, boýuny, bedeniniň massasyny we hatda oturyş ýagdaýyny kesgitleýän datçikleri ulanýar. Bu maglumatlaryň esasynda iň ýokary goragy üpjün etmek üçin kemeriň dartyş güýji awtomatik sazlanýar.
Mysal üçin, göwresi uly bolan uzyn adam üçin çaknyşma wagtynda kellä şikes ýetmek töwekgelçiligini azaltmak üçin kemer güýçli çekdirilmeli bolýar. Emma göwresi kiçi, hor adam ýa-da çaga üçin, tersine dartyş güýji döş kapasasyna zeper ýetmezlik üçin birneme gowşak bolmaly.
Volvo kemeriň dartyş güýjüniň režimini üçden on bire çenli köpeltdi. Heläkçilik ýagdaýynda ulgam salondaky her bir berkidilen ýolagçy üçin laýyk warianty saýlaýar.
Mundan başga-da, programma üpjünçiligi wagtyň geçmegi bilen has gowy işlemek üçin yzygiderli täzelener.
Täze kemerli ilkinji model Volvo EX60 elektrik krossoweri bolar. Onuň bazara çykmagy indiki ýyla meýilleşdirilýär.


06.02.2026 15:08
2.7k+

Volvo täze EX60-yň tanyşdyrylyşyndaky "adatdan daşary" tekerleriň syryny düşündirdi

Volvo kompaniýasy 2026-njy ýyl üçin özüniň ýeke-täk täze modeli bolan EX60 elektrik krossowerini tanyşdyrdy. Emma tanyşdyrylyş dabarasy täze tehnologiýalardan has köp, ulagyň tekerleriniň "adatdan daşary" hereketi bilen ýatda galdy...

27.01.2026 10:20
2.2k+

2,5 million Volvo uly täzelenmeden geçer: Ulgamlar has döwrebaplaşar

Volvo kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri öndürilen awtoulaglar üçin multimediýa ulgamlarynyň düýpli täzelenendigini yglan etdi. Bu täzelenme bütin dünýäde takmynan 2,5 million awtoulaga degişli bolar we sürüjilere diler merkezine barmazdan, iň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaga mümkinçilik berer...

17.10.2025 17:14
5.2k+

Iň soňky Volvo V90, önümçilikden aýrylandan soň, muzeýe iberildi

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasynyň Gýoteborgdaky zawodynyň gurnama hataryndan iň soňky V90 uniwersaly düşdi. Bu awtoulag satylmaz — ol kompaniýanyň muzeýinde hemişelik ýerleşdiriler. Volvo-nyň bellemegine görä, bu modeli öndürmegiň bes edilmegi islegiň azalmagy bilen däl-de, kompaniýanyň global önümçilik strategiýasynyň täzelenmegi bilen baglydyr...

07.10.2025 12:48
2.6k+

Volvo bir millionynjy zarýad berilýän gibridini öndürdi

Volvo Cars möhüm üstünlik barada habar berdi: sentýabr aýynda bir millionynjy zarýad berilýän gibrid konweýerden çykdy. Kompaniýa bu sepgidi dolulygyna elektrikli modeller hataryna geçmek strategiýasynda möhüm ädim diýip atlandyrýar...