NASA 2024 YR4 asteroidiniň Aý bilen çaknyşmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy

  • 08.06.2025 20:44
  • 3.7k+

NASA 2024 YR4 asteroidiniň traýektoriýasyna gaýtadan seredip, onuň Aýa gaçmak ähtimallygyny ýokarlandyrdy.

Geçen ýylyň ahyrynda ýüze çykarylan 2024 YR4 asteroidi ilkibaşda asteroid howpuna gözegçilik etmegiň taryhynda Ýer üçin iň çynlakaý howp diýlip ykrar edildi. Oňa Ýerden uzaklaşýan traýektoriýada syn edildi, şonuň üçin jisim we onuň orbitasy baradaky ilkinji maglumatlar doly däldi.
Soňra alymlar has köp maglumat alyp, asteroidiň ýoluny anyklady. Alymlar Ýer üçin howpuň ýokdugyny kesgitledi, ýöne onuň Aý bilen çaknyşyp biljekdigi belli boldy. 2025-nji ýylyň maý aýynda NASA “Jeýms Uebb” teleskopynyň kömegi bilen 2024 YR4 asteroidine soňky gezek gözegçilik etdi, şondan soň asteroid gözden ýitdi.
Täze maglumatlar onuň Günüň töweregindäki orbitasyny 20% takyk hasaplamaga mümkinçilik berdi. Asteroid 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Ýere we Aýa golaýlaşar. Ozal onuň Aýa gaçmak ähtimallygy 3,8%-di, häzir ol 4,8%-e çenli ýokarlandy.
2024 YR4 asteroidiniň diametri 70 metrden geçmeýär. Onuň gaçmagy Aýyň orbitasyna täsir etmez we Ýer üçin howp salmaz. Ýöne şeýle waka Aýy seýsmiki tolkunlaryň kömegi bilen öwrenmäge mümkinçilik berip biler. Eger çaknyşma ähtimallygy ýokary bolup galsa, Aýa seýsmiki datçikleri bolan stansiýa iberilip bilner.
Asteroidiň indiki gezek Ýere 2028-nji ýylda golaý gelmegine garaşylýar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....