Bred Pitt we Çenning Tatum howply motoýaryşlar barada filme prodýuserlik eder

  • 08.06.2025 11:18
  • 3.4k+

Aktýorlar Çenning Tatum we Bred Pitt dünýäde iň howply ýaryşlaryň biri bolan meşhur Isle of Man TT motoýaryşy baradaky filmiň prodýuserleri bolup çykyş eder. Bu barada Deadline habar berýär.

Bu filmde baş keşbi Tatum ýerine ýetirer. Režissýor ozal “Lulu we Briggs” filminiň üstünde işlän Rid Kerolin bolar. Ssenarini hem Jeýson Keller we Braýan Jonson bilen bilelikde Kerolin ýazdy.
Sýužet barada giňişleýin maglumat ýok. Ýöne çeper filmden başga-da, dokumental taslamanyň meýilleşdirilýändigi belli. Onuň üçin wideomateriallar geçen ýyl Men adasynda geçirilen ýaryşlarda düşürildi.
Dokumental serial her biriniň dowamlylygy 45 minut bolan dört bölümden ybarat bolar. Ol öz arzuwlary üçin janyny howp astyna goýýan ýaryşa gatnaşyjylar barada gürrüň berer. Taslama adatdan daşary durmuş ýörelgesini saýlamagyň netijelerini öwrenýär.
Isle of Man Tourist Trophy dünýäde iň gadymy motosport ýaryşydyr. Ilkinji ýaryş 1907-nji ýylda geçirildi. Ýaryş iň abraýlylaryň biri, şol bir wagtyň özünde aşa töwekgelçilikli hasaplanýar.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....