Kosta-Rikanyň we Panamanyň daglarynda orhideýanyň seýrek usul bilen köpelýän üç sany täze görnüşi tapyldy

  • 06.06.2025 08:43
  • 2.1k+

Kosta-Rikanyň we günbatar Panamanyň daglarynda orhideýanyň üç sany täze görnüşi tapyldy. Olar Talamanka gerşiniň sowuk we çygly ýerlerinde deňiz derejesinden 1400-2550 metre çenli beýiklikde ösýär diýip, Phys.org ýazýar.

Ösümligiň näbelli görnüşleri Pleurothallis matrisilvae, Pleurothallis pridgeoniana we Pleurothallis winkeliana diýlip atlandyryldy.
Bu orhideýalaryň özboluşly aýratynlygy: seýrek duş gelýän jynssyz köpelmek (proliferasiýa) ukyby bar. Munda ösümlikler gönüden-göni gül açýan baldaklaryndan kiçijik şineleri emele getirýärler. Bu olara tohum emele getirmezden we wegetatiw görnüşde ýaýramaga mümkinçilik berýär. Bu usul, esasanam, daglyk sebitlere mahsus bolan tozanladyjylaryň ýetmezçilik edýän şertlerinde has netijeli.


Täze görnüşler diňe şol sebite mahsusdyr. Olar uzyn hatarlary ýa-da gür şahalary emele getirmek ukyby bilen tapawutlanýar. Şu alamatlar alymlara görnüşiň beýleki wekillerine daşyndan meňzeşdigine garamazdan, aýratyn görnüşler hökmünde tapawutlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagta çenli Pleurothallis toparynyň 1700 töweregi orhideýa görnüşi belli, olaryň üçden bir bölegi diňe Kosta-Rikada ösýär. Alymlar geljekde täze açyşlaryň bolup biljekdigine ynanýarlar. Talamanka gerşi ýokary derejeli biodürlüligi bolan möhüm sebit bolmagynda galýar.


09.04.2025 23:19
10k+

Panamada bir agaç ýyldyrym urmasyny öz bähbidine peýdalanmagy öwrendi

Amerikan alymlary Panamanyň tropiki tokaýlaryndaky Dipteryx oleifera agajynyň ýyldyrym urmasyna çydamak hem-de bu urgulary lianalara we beýleki ösümliklere garşy göreşer ýaly ulanmak üçin ewolýusiýa geçirip bilendigini...

02.04.2022 18:31
21k+

Italiýada iki ýyldan gowrak dowam eden adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýatyrylýar

Italiýada pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda girizilen we möhleti birnäçe gezek uzaldylan adatdan daşary ýagdaý düzgüni ahyry tamamlandy. Respublikada 1-nji aprelden başlap, bir gije-gündiziň dowamynda...

08.11.2021 14:36
4.5k+

Kosta-Rika ilkinji bolup çagalar üçin COVID-19-a garşy hökmany sanjym girizdi

Kosta-Rika bäş-on bir ýaşly çagalar üçin koronawirusa garşy hökmany sanjymy girizen ilkinji ýurt boldy. Bu barada ýerli Saglygy goraýyş ministrliginiň saýtynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär. “Çagalaryň...

12.06.2021 15:49
2.6k+

Panama ägirt uly meýdanda çäkli deňiz goraghanasyny döretdi

Panamanyň Hökümeti öz deňiz kenarlaryny goramak boýunça  ägirt uly ädim ätdi. Biodürlülige örän baý we klimatyň üýtgemek howpy has ýiti täsir edýän Panamada Ýuwaş ummanynyň özüne degişli çägindäki 67 müň 742 inedördül...