Italiýada iki ýyldan gowrak dowam eden adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýatyrylýar

  • 02.04.2022 18:31
  • 21k+

Italiýada pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda girizilen we möhleti birnäçe gezek uzaldylan adatdan daşary ýagdaý düzgüni ahyry tamamlandy. Respublikada 1-nji aprelden başlap, bir gije-gündiziň dowamynda keselleýänleriň sanynyň onlarça müňden agýandygyna garamazdan, kowide garşy çäreleriň agramly bölegi ýatyrylýar.

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni  hökümete, mejlis bilen deslap ylalaşmazdan, gyssagly çäreleri görmäge mümkinçilik berýärdi, şeýle hem maliýe serişdelerini paýlamakda uly erkinligi talap edýärdi. Hususan hem, bu düzgün kowid-sertifikat («grin-pass» diýip atlandyrylýar) kimin guraldan çäklendirilmesiz peýdalanmaga mümkinçilik berýärdi.

Italiýada waksina alandygyň ýa-da keseli geçirendigiň hakyndaky güwänamanyň esasynda berilýän bu resminama ýylyň başyndan bäri ähli ýerde, şol sanda iş ýerinde hem talap edilip gelinýärdi. Anna gününden başlap, tä 30-njy aprele çenli teatrlara, kinoteatrlara, konsertlere, fitnes-klublara, basseýnlere we gijeki klublara barmak üçin ol barybir gerek bolar.

Şol bir wagtda 1-nji aprelden başlap, döwlet edaralaryna, muzeýlere, sergilere, kitaphanalara, dükanlara, gözellik salonlaryna, banklaryň we poçtalaryň bölümlerine, şeýle hem, açyk eýwanly kafelere we restoranlara hem-de myhmanhana ýerleşmek üçin hiç hili sertifikat gerek bolmaz.  Şäheriň jemgyýetçilik ulagyndan hem sanitar pasportsyz peýdalanyp bolar. Şol bir wagtda, koronawirusyň testiniň otrisatel netijesiniň esasynda berilýän resminama 30-njy aprele çenli restoranlaryň içine girende henizem talap ediler. Şeýle hem ol uzak ýola gidýän ulaglara (otla, paroma, uçara) münülende gerek bolar.


27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......