Panamada bir agaç ýyldyrym urmasyny öz bähbidine peýdalanmagy öwrendi

  • 09.04.2025 23:19
  • 10k+

Amerikan alymlary Panamanyň tropiki tokaýlaryndaky Dipteryx oleifera agajynyň ýyldyrym urmasyna çydamak hem-de bu urgulary lianalara we beýleki ösümliklere garşy göreşer ýaly ulanmak üçin ewolýusiýa geçirip bilendigini anyklady. Bu barada New Phytologist žurnalyndaky ylmy gözlegde aýdylýar.

Hünärmenler 10 ýyllap Barro Colorado Nature Monument goraghanasynyň çäklerinde gözegçilik işini alyp bardy. Bu döwürde olara 100 ýyldyrym urgusyny yzarlamak başartdy. Topar ýyldyrymyň çakan ýerini takyk kesgitläp, bu ýerde tokaýyň ýagdaýyna gözegçilik etdi.
Netijede, olar Dipteryx oleifera-nyň beýleki beýik agaçlardan tapawutlylykda ýyldyrymyň çakmagyndan zyýan çekmändigine üns berdi. Zeper ýa-ha örän azdy, ýa-da düýbünden ýokdy. Soňky 40 ýylda ösümlikler baradaky maglumatlaryň seljermesi, bu ösümlikler üçin Dipteryx oleifera-nyň golaýynda ýaşap ölmek ähtimallygynyň beýleki islendik beýik agaçlara garanyňda ýokarydygyny görkezdi.
Bir ýyldyrym urgusy 2,4 tonna çenli biomassany we bu agajyň şahalarynda ösýän lianalaryň 80% töweregini ýok edýär.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, agaç sim ýaly elektrik razrýadyny öz içinden geçirýän bolmaly. Ol 40 metre çenli ösýär we ýüzlerçe ýyl ýaşaýar. Bu döwürde ýyldyrym agaja bäş gezek çakyp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýyldyrymyň çakmagy Dipteryx oleifera-da tohumlaryň sanyny köpeldýär. 


02.04.2022 18:31
21k+

Italiýada iki ýyldan gowrak dowam eden adatdan daşary ýagdaý düzgüni ýatyrylýar

Italiýada pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda girizilen we möhleti birnäçe gezek uzaldylan adatdan daşary ýagdaý düzgüni ahyry tamamlandy. Respublikada 1-nji aprelden başlap, bir gije-gündiziň dowamynda...

12.06.2021 15:49
2.6k+

Panama ägirt uly meýdanda çäkli deňiz goraghanasyny döretdi

Panamanyň Hökümeti öz deňiz kenarlaryny goramak boýunça  ägirt uly ädim ätdi. Biodürlülige örän baý we klimatyň üýtgemek howpy has ýiti täsir edýän Panamada Ýuwaş ummanynyň özüne degişli çägindäki 67 müň 742 inedördül...

düýn 15:50
1.2k+

The Weeknd we Nespresso bilelikde kofe kolleksiýasyny çykardy

Aýdymçy The Weeknd (hakyky ady – Eýbel Makkonen Tesfaýe) «Nespresso» kofe brendi bilen hyzmatdaşlyga başlady. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde olar çäkli sanda kofe garyndylaryny, syýahat üçin kružkalary we ýörite bulgurlary çykardylar diýip, «Hypebeast» neşiri habar berýär...

düýn 15:36
1.4k+

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar

«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär. «Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy...