Marsyň üstündäki Perseverance enjamy tozan tüweleýiniň täze suratyny aldy

  • 05.06.2025 10:10
  • 5.3k+

NASA-nyň Marsdaky Perseverance enjamy Ýere Gyzyl planetanyň üstünden täze selfi iberdi. Surata “tozan arwahy” düşdi – planetanyň üstündäki gyzgyn howa akymlarynyň täsiri bilen emele gelýän uly bolmadyk, aýlanýan tüweleýler şeýle diýlip atlandyrylýar.

Täze suratda ony kadryň ýokarky merkezi böleginde görmek bolýar.

“Eger meniň yzlarym kesilýän bolsa, siz munuň näme üçindigini bilýänsiňiz. Men bu suraty soňky gezelenjim tamamlanandan soň, yzky Navcam kameramyň kömegi bilen aldym. Men häzirem Ýezero krateriniň gyrasyny öwrenip, geçmişdäki mikrob durmuşynyň alamatlaryny gözleýärin” – diýip, roweriň sahypasyndaky habarda aýdylýar.

Perseverance Marsda eýýäm 1500 gün bäri işleýär. Bu döwürde ol 36 kilometr aralygy geçdi, dag jynslarynyň 26 nusgasyny ýygnady we seljermek üçin 37 daşy owratdy.
Häzir rower Ýezero krateriniň töwereginde işlemegini dowam etdirýär. Bu ýerde alymlar gadymy mikrob durmuşynyň yzlaryny tapmaga synanyşýar.


11.06.2026 10:55
1.7k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....