Ägirt uly aýsberg A23a Antarktidanyň kenarynda saýdan çykyp, ýene ýüzüp başlady

  • 05.06.2025 10:12
  • 10k+

Ululygy boýunça Lýuksemburgyň çägi bilen deňleşýän A23a ägirt uly aýsbergi  Günorta ummanyň suwlarynda ýene-de hereket edip başlady. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

“Iýun aýynyň ilkinji günlerinde akymlaryň täsiri bilen A23a aýsbergi gündogara tarap 60 km süýşdi we häzir Annenkow adasyndan 74 km uzaklykda ýerleşýär” – diýip, institut buz we gidrometeorologiýa maglumatlary boýunça baş hünärmen Polina Soloşuga salgylanyp, habar berdi.

Üç aýlap ýalpak ýerde durmak bilen, aýsberg meýdanynyň 7%-ini ýitirdi we häzir ol 2730 inedördül kilometre barabar. Ilkibaşdaky ululygyndan 35%-i ýitdi.
Aýsberg 1986-njy ýylyň sentýabrynda Filhner buzlugyndan bölünip aýryldy. Şol wagt onuň meýdany 4170 inedördül kilometrdi we Ýer ýüzünde iň uly aýsberg hasaplanýardy. 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda A23a Ueddell deňzinde hereketsiz durdy. 2023-nji ýylyň noýabrynda aýsberg açyk suwlara çykdy, 2024-nji ýylda bolsa 1400 km töweregi ýol geçip, 2025-nji ýylyň ýanwarynda Günorta Georgiýa adasyna golaýlaşdy. Mart aýynda kenardan 80 km uzaklykda ýene ýalpak ýere çöküp, maý aýynyň ahyryna çenli şol ýerde galdy.
Soloşugyň aýtmagyna görä, aýsbergiň geljegi ýele we suwuň akymyna baglydyr.
Bölünip aýrylýan bölekler ýylylygyň we akymyň täsiri bilen dargar. Aýsberg ummanyň derejesine düýpli täsir etmez, sebäbi ereme kem-kemden bolup geçýär diýip, metbugat gullugy belledi. 


18.02.2026 09:22
4.3k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

22.12.2025 14:55
10k+

Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi...

02.09.2025 18:52
12k+

Dünýäde iň uly aýsberg bolan A23a tomusda üç bölege bölündi

Dünýäde iň uly aýsberg A23a tomusda, takmynan, 1000 inedördül kilometr ýitirip, üç bölege bölündi. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-gözleg instituty habar berýär. Institutyň maglumatlaryna görä, bir wagtyň özünde meýdany 60-dan 300 inedördül kilometre çenli bolan üç uly bölek bölündi – aýsberg öz meýdanynyň, takmynan, 36%-ini ýitirdi...

27.03.2025 15:12
13k+

Antarktidada bölünip aýrylan aýsbergiň aşagynda ýaşaýyş ýüze çykaryldy

Halkara alymlar topary Antarktidadaky Georg VI şelf buzlugyndan ägirt uly A-84 aýsbergi bölünip aýrylandan soň, ilkinji gezek boşap galan deňiz düýbüni öwrendi. Buzlugyň astynda baý ekoulgam ýüze çykaryldy. Ylmy...