Stambuldaky Sabiha Gýokçen howa menzili gatnawlaryň sany boýunça gündelik rekordy täzeledi

  • 05.06.2025 10:20
  • 7.2k+

Stambulda ýolagçy akymy boýunça ikinji orny eýeleýän Sabiha Gýokçen howa menzili bir günde gatnawlaryň rekord sanyna hyzmat etdi. Bu barada howa duralgasynyň administrasiýasy habar berdi.

Habara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda howa menziliniň üsti bilen 784 gatnaw amala aşyryldy – bu onuň taryhynda iň ýokary görkezijidir.
Administrasiýa şeýle görkezijä ýetmegiň Türkiýäniň halkara awiasiýasynda barha artýan ähmiýetini tassyklaýandygyny belledi.
Sabiha Gýokçen ýurduň iň işjeň howa menzilleriniň arasynda täze Stambul howa menzilinden we Antalýanyň howa menzilinden soň üçünji orny eýeleýär. Howa duralgasynyň iki uçuş-gonuş zolagy bolup, sagatda 80 gatnawa hyzmat edip bilýär. 


10.05.2026 22:08
7.8k+

Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti......

16.04.2026 15:43
7.8k+

Jeddah Tower asmana uzaýar: ägirt bina 100-nji gata ýetdi

Saud Arabystanyndaky «Jeddah Tower» binasynyň gurluşygy resmi taýdan 100-nji gata ýetdi. Bu taslama dünýäde beýikligi bir kilometrden aşýan ilkinji bina bolmak ugrunda ynamly öňe barýar....

14.04.2026 21:49
7.1k+

Daşkentdäki Yslam siwilizasiýasynyň merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi dünýäde «Yslam siwilizasiýasynyň iň uly muzeýi» diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

04.02.2026 14:55
15k+

Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy...