“Ýetginjeklik döwri” mini-serialy Gotham TV Awards-yň baş baýragyny aldy

  • 05.06.2025 10:22
  • 2.4k+

Netflix-iň “Ýetginjeklik döwri” (Adolescence / Переходный возраст) mini-serialy Gotham TV Awards dabarasynda üç baýraga mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Nýu-Ýorkda geçirildi diýip, Variety habar berýär.

Taslama “Iň gowy mini-serial” nominasiýasynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, aktýorlar sylaglandy: Stiwen Grem iň gowy baş keşp üçin, 15 ýaşly Ouen Kuper bolsa ikinji plandaky keşp üçin baýrak aldy. Umuman, serial dört nominasiýada dalaşgär görkezilip, üçüsinde ýeňdi.
Baýragyň beýleki eýeleriniň arasynda Apple TV+-dan “Kinostudiýa”, HBO Max-dan “Pitt hassahanasy” taslamalary we aktrisa Keti Beýts (“Metlok”) bar.
“Ýetginjeklik döwri” mart aýynda platformada çykdy we Netflix-iň taryhynda iň meşhur seriallaryň biri boldy. Sýužet synpdaşlaryny öldürmekde aýyplanyp, tussag edilýän mekdep okuwçysy Jeými (ony Kuper oýnaýar) barada gürrüň berýär. Onuň kakasy (Grem), jemgyýetçilik işgärleri we polisiýa näme bolandygyny anyklamaga synanyşýar.
Serial tankytçylardan oňyn syn aldy. Režissýor hökmünde Filip Barantini çykyş etdi, ssenarini Stiwen Grim we Jek Torn ýazdy.
Gotham TV Awards baýragy 2024-nji ýylda Nýu-Ýorkda Gotem kino we media instituty tarapyndan döredildi. Geçen ýyl, baýrak ilkinji gezek gowşurylanda, iň gowy mini-serial “Sugun çagasy” (Оленёнок) boldy.


düýn 22:06
717

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......