66 sagatlap dowam eden magnit tupany tamamlandy

  • 04.06.2025 16:13
  • 11k+

1-nji iýunda sagat 5:00 töweregi başlanan magnit tupanlary 3-nji iýunda 23:00 töweregi tamamlandy. Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, olaryň umumy dowamlylygy 66 sagat boldy.

Olardan alty sagadyň dowamynda Ýeriň magnitosferasy ýokary işjeňlik ýagdaýynda boldy. 1-nji iýunda irden tupan G4 derejesine ýetdi – bu bäş derejeden “örän güýçlüdigini” aňladýan dördünji derejedir.
Galan wagtlary tupan, esasan, G1-G2 derejesinde boldy, bu “gowşak” we “ortaça” hasaplanýar.
Dowamlylygyna garamazdan, tupan 2017-nji ýylyň rekordyny täzelemedi – şol wagt geomagnit gozganmalary 69 sagat dowam etdi. Şeýle-de, barlaghana 2005-nji ýylyň sentýabr aýynda “Ýeriň magnit meýdanynyň arakesmesiz 75 sagat işjeň ýagdaýda bolandygyny” ýatlap geçdi.
2-nji iýunda barlaghana häzirki tupana sebäp bolan Gün massasynyň zyňyndylarynyň soňky 20 ýylda iň güýçlüleriň biri bolandygyny habar berdi. Maglumatlara görä, 1-nji iýunda Gün maddasynyň (plazma) tizligi 1100 km/s, temperatura bolsa 2-3 mln gradusa ýetdi.
Tupan wagty Demirgazyk Amerikanyň asmanynda ýiti polýar şöhlelenmeleri göründi.


15.06.2026 22:20
5.3k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...