Ýetip gelýän Apple WWDC 2025 konferensiýasynda uly tanyşdyryşlar bolmaz

  • 03.06.2025 13:46
  • 2.3k+

Apple kompaniýasynyň «WWDC 2025» işläp düzüjiler konferensiýasy 9-13-nji iýun aralygynda ýönekeý formatda, uly anonslar bolmazdan geçiriler. Bu barada «Bloomberg» agentliginiň žurnalisti Mark Gurman ýazýar.

Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa «Apple Intelligence» we emeli aň tehnologiýalaryna aýratyn üns bermez.
Esasy täzelik hökmünde, 3 milliard parametrli ýerli emeli aň modelleriniň daşky işläp düzüjiler üçin açylmagy bolar. Bu ulgamlar teksti işlemek we awtoçalyşmak üçin peýdalanylar, ýöne olar «OpenAI» we «Google» kompaniýalarynyň bulut çözgütlerinde ep-esli pes.
Apple yzygiderli üýtgeşmelere üns berer:

  • iOS 26 (ozal habar berşimiz ýaly, kompaniýa belgileýiş usulyny üýtgedýär), iPadOS 26 we macOS 26 operasion ulgamlary visionOS stilindäki açyk «aýna» elementli interfeýs dizaýnyna geçer;
  • «Terjime» («Translate») programmasynyň täzelenen görnüşi, «AirPods» we «Siri» bilen integrasiýasy bilen;
  • Akkumulýatoryň işini optimizasiýa etmek üçin täze režim;
  • «Safari» we «Suratlar» («Photos») programmalarynda kiçi emeli aň aýratynlyklary.

Enjam taýdan täze önümleriň görkezilmegine garaşylmaýar. Uly taslamalar, ýagny täze «Siri», 150 milliard parametrli bulut emeli aň modelleri we gözleg hyzmaty 2026-njy ýyla geçirildi.
Esasy üns «SwiftUI» üçin tekst redaktory we interfeýsleriň emeli aň arkaly synagdan geçirilmegi ýaly işläp düzüjiler üçin gurallara berler. Gurmanyň sözlerine görä, kompaniýanyň içinde bu konferensiýa eýýämden «lapykeçlik» diýlip atlandyrylyp başlapdyr.
Esasy tanyşdyryş çäresi 9-njy iýunda Aşgabadyň wagty bilen sagat 23:00-da başlar.


düýn 16:33
1.9k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...