Ýaponiýada iş ýerlerindäki yssy howa şertleri sebäpli, kompaniýalara jerime salnar

  • 03.06.2025 13:29
  • 9.3k+

Ýaponiýada 1-nji iýundan başlap, iş berijileri aşa yssy howa şertlerinde işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçly edýän täze düzgünler güýje girdi. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Täze düzgünlere görä, talaplary ýerine ýetirmeýän kompaniýalara 500 müň ýena (takmynan, 3475 dollara) çenli jerime salnar. Bu çäreler iş ýerlerinde ýylylyk urmasynyň artmagy bilen baglylykda girizildi.
Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda aşa yssy howa sebäpli, 30 adam heläk bolupdyr, takmynan, 1200 adam bolsa şikes alypdyr. Esasan-da gurluşyk we önümçilik pudaklarynda işleýän işgärler howply ýagdaýda galypdyr.
Täze düzgünleriň girizilmegine 2024-nji ýylyň tomsunda ýüze çykan rekord derejedäki yssy howa sebäp boldy. Häkimiýetler işgärleri howa şertlerinden goramak üçin, kanunçylyk derejesinde çäre görmegi zerur hasapladylar.
Ýaponiýanyň käbir iri kompaniýalary goşmaça çäreleri eýýämden durmuşa geçirip başladylar. «Shimizu Corp.» gurluşyk kompaniýasy işgärleriň temperaturasyny gözegçilikde saklamak üçin sensorlardan peýdalanýandygyny we iş tertibini ýylylyk indeksine görä uýgunlaşdyrýandygyny habar berdi. Şeýle-de «Yamato Transport» kurýer hyzmaty hem işgärlerine 75 müň sany şemalladylýan gursakça paýlamagy hem-de ofislerde we ammarlarda 3000 sany WBGT datçigini ornaşdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.


düýn 15:47
6.6k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......