Magnit tupany Ýerde 3-nji iýuna çenli saklanar

  • 02.06.2025 17:16
  • 6.8k+

Ýerde 1-nji iýunda başlanan magnit tupany azyndan 3-nji iýuna çenli dowam eder. Bu barada Amaly geofizika institutynyň wekiline salgylanyp, TASS habar berýär.

“Geomagnit tupanlary, esasan, G1-G2 derejesinde, ýöne koronal massanyň zyňyndylarynyň dowamly täsiri sebäpli käwagt G3-G4 derejesiniň bolmagyna garaşylýar. 3-nji iýunda, ähtimal, geomagnit tupany G1 derejesine çenli peselip biler” – diýip, çeşme habar berýär.

Kosmos howasy merkeziniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda magnit tupanynyň derejesi G1-e çenli (gowşak) peseldi. 1-nji iýunda G4 – bäş bally şkala boýunça “örän güýçli” derejä ýetipdi, bu şkala boýunça G5 – “aşa güýçli”, G1 – “gowşakdyr”. Şeýlelikde, bir günde işjeňlik düýpli üýtgedi.
Gozganmanyň sebäbi 31-nji maýda hasaba alnan Gün hadysasy boldy. Şonda alymlar ýokary M8.2 derejeli alawlama syn etdi, ol 2025-nji ýylda iň uly plazma zyňyndylary bilen bolup geçdi.


15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...