Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizeri peýda boldy

  • 02.06.2025 17:26
  • 3.3k+

Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Film noýabr aýynda çykar.

“Frankenşteýn” tejribeleriň üsti bilen ähli adamlar üçin howp salýan hakyky nägehany döredýän doktor Wiktor Frankenşteýn barada gürrüň berýär.
Del Toro Meri Şelliniň “Frankenşteýn ýa-da Häzirki Prometeý” nusgawy romanyny ekranlaşdyrmagy köpden bäri arzuw edipdi, ýöne ony diňe Netflix üçin “Seýrek zatlaryň kabineti” we “Pinokkio” filmlerini çykarandan soň düşürip bildi.
Geljekki filmde baş keşpleri Oskar Aýzek (“Lýuin Dewisiň içinde”), Çarlz Dens (“Tagtlaryň oýny”), Kristof Wals (“Biabraý nejisler”), Jeýkob Elordi (“Soltbýorn”) we Mia Got (“Kölegeleriň mesgeni”) ýerine ýetirdi.


düýn 22:06
717

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......