Ýere rekord temperaturaly Gün plazmasynyň bulutlary ýetdi

  • 02.06.2025 12:17
  • 5.6k+

Ýere alawlama wagtynda Gün tarapyndan zyňylan rekord häsiýetli plazma bulutlary ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Çeşmä görä, 1-nji iýunda Aşgabat wagty bilen 10:30-da planetara gurşawynyň ähli parametrleriniň birden güýçli üýtgemegi hasaba alyndy. Hünärmenler dykyzlygyň we temperaturanyň örän ýokary derejesine syn etdi. Soňkusy, hemra görkezijilerine ynansaň, 2 mln gradusdan gowrak boldy. Aslynda, kadaly temperatura, adatça, 100 müň gradusa barabar.

“Şeýle derejeler gözegçiligiň taryhynda hiç haçan hasaba alynmadyk ýa-da taryhy iň ýokary derejä golaý bolup biler” – diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, barlaghana plazma bulutlarynyň Ýere örän tiz – 30 sagatdan az wagtyň içinde ýetendigini habar berdi, bu bolsa alymlaryň çaklamalaryndan tas bir gün tizdir.
Alymlaryň aýtmagyna görä, bolup geçýän zatlary häzirlikçe düşündirmek kyn. Alnan maglumatlar öňki çaklamalara ters gelýär. Bilermenler Ýere bulutlaryň diňe kiçi we tiz böleginiň ýetendigini, esasy böleginiň bolsa gijräk gelip biljekdigini-de inkär etmeýär.
Bir gün öň, 31-nji maýda hünärmenler M8.2 derejeli Gün alawlamasyny hasaba aldy. Ol şu ýyl iň uly plazma zyňyndylary bilen bolup geçdi. 


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...