Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady

  • 05.06.2025 09:35
  • 4k+

Collider amerikan neşiri soňky 30 ýylda çykan iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmleriň sanawyny hödürledi.

Iň ýaramaz horror “Winni-Puh: Gan we bal” (Винни-Пух: Кровь и мед) filmi boldy. Collider ony “arassa ýaltalyk we içgysgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Bu göz öňüne getirip boljak iň bir ýürekgysgynç we bir görnüşli horror-tejribeleriniň biri” diýip belledi.
Antireýtinge “Ot orujy” (Газонокосильщик) filminiň dowamy we “Geçen tomus näme edendigiňizi bilýärin” (Я знаю, что вы сделали прошлым летом) sleşeriniň üçünji bölümi girdi. Awtorlaryň pikiriçe, birinjisi “biderek wizual effektleri”, ikinjisi “samsyklaç we manysyz sýužet öwrümleri” bilen lapykeç edýär.
Şeýle-de, sanawa şular girdi: 1999-njy ýylda çykan “Kendimen-3: Ölüler güni” (Кэндимен-3: День мертвых) – ony “lenç edilen sleşer” diýip atlandyrdylar, Uilýam Melounyň “Gorky.com” (Страх.com) filmi – “gaty ýüzleý”, “BaýBaýMen” (БайБайМэн) – “2010-njy ýyllaryň iň ýaramaz film tendensiýalarynyň çürbaşy ýaly”, şeýle-de “Jipers-Kripers: Täzeden doglan” (Джиперс-Криперс: Возрожденный).
Has ýiti synlary Silwen Uaýtyň “Slendermen” (ony sýužet wakalaryny öňünden kesgitläp bolýandygy üçin tankytladylar), Uwe Bolluň “Garaňkyda ýeke” (Один в темноте) we Jeýms Ngueniň “Guşbela” (Птицекалипсис: Шок и трепет) filmleri aldy.
Soňky film barada synçylar şeýle ýazdy: “Käwagt film başyndan ahyryna çenli şeýle bir erbet düşürilen welin, her bir sahnada sepi açylýan ýaly görünýär”. 


düýn 23:09
1.5k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....

düýn 07:36
3.8k+

«Collider» HBO-nyň soňky on ýylda çykan iň gowy 12 serialynyň reýtingini düzdi

«Collider» neşiri HBO-nyň soňky on ýylyň dowamynda çykarylan iň gowy 12 serialynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň birinji ornuny «Çernobyl» mini-serialy eýeledi....

16.05.2026 19:49
3.6k+

Jon Trawolta Kannda duýdansyz ýagdaýda «Altyn palma şahasy» hormat baýragyny aldy

Amerikan aktýory Jon Trawolta kinematografiýa goşan goşandy üçin Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasy» hormat baýragyna mynasyp boldy. Bu baýragyň gowşuryljakdygy barada öňünden habar berilmändi....

16.05.2026 11:29
1.8k+

Kino hakynda kino: Italiýada «Birwagtlar Amerikada» filminiň döreýşi ekrana geçirilýär

Italiýaly režissýorlar Juzeppe Stazi we Jankarlo Fontana nusgawy «Birwagtlar Amerikada» («Однажды в Америке») kinofilminiň döredilişi barada täze film düşürerler. Bu barada Variety neşiri habar berdi....