Programma işläp düzüjiler 2024-nji ýylda App Store arkaly 406 mlrd dollar gazandy

  • 01.06.2025 18:52
  • 1.8k+

Apple kompaniýasy App Store programmalar dükanyndaky girdejiler boýunça garaşsyz barlagyň netijelerini hödürledi. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylda programmalaryň işläp düzüjileri «App Store» ekoulgamy arkaly 406 mlrd dollar gazanypdyr. Bu görkeziji 2019-njy ýyldakydan (142 mlrd dollar) iki esse köp diýip, MacRumors habar berýär.

Barlagy Boston uniwersitetiniň professory Andreý Fradkin bilen bilelikde «Analysis Group» konsalting kompaniýasynyň ykdysatçysy Jessika Býorli alyp bardy. Olaryň maglumatlaryna görä, bu mukdaryň 277 mlrd dollary fiziki harytlaryň satuwyndan gelip gowşupdyr, bu görnüşdäki söwdalardan Apple komissiýa almaýar. Sanly harytlar we hyzmatlar 53 mlrd dollar girdeji getiripdir, olaryň bir bölegi komissiýa tölegine degişli eken. Ýene 75 mlrd dollar bolsa goşundylaryň içindäki mahabatlardan gelip gowşupdyr.
2019-2024-nji ýyllar aralygynda amerikaly işläp düzüjileriň girdejileri iki esse artypdyr. Esasan-da, ýylda 1 mln dollardan az girdeji gazanýan kiçi studiýalar güýçli ösüş görkezipdir, olaryň girdejisi soňky üç ýylda 76% ýokarlanypdyr. ABŞ-da iň meşhur 10 goşundynyň 9-sy ýerli kompaniýalar tarapyndan işlenip taýýarlanypdyr.
2024-nji ýylda dünýä boýunça 12,4 milliard gezek goşundy ýüklenipdir — bu 2019-njy ýyldakydan 36% köpdür. Goşundylaryň üsti bilen fiziki harytlaryň satuwy soňky üç ýylda üç esse artdy. Sanly harytlara we mahabatlara çykdajylar iki esse diýen ýaly artypdyr. Esasy ösüş onlaýn söwda we nahar eltip bermek hyzmatlarynda boldy, sanly pudakda bolsa oýunlar öňdäki orny eýeledi.
Bu barlag ABŞ-nyň kadalaşdyryjy edaralarynyň artýan basyşy hem-de Apple bilen Epic Games kompaniýasynyň arasyndaky kazyýet çekeleşmeleriniň çäginde çap edildi. Şol dawanyň netijesinde, Apple alternatiw töleg usullaryna geçmäge mümkinçilik bermäge mejbur boldy.
Tim Kukyň aýtmagyna görä, Apple kompaniýasy «15 ýylyň dowamynda işläp düzüjiler, telekeçiler we dürli göwrümli kompaniýalar üçin, App Store arkaly ägirt uly mümkinçilikleri döretdi we bu mümkinçilikleri giňeltmek üçin gurallara, tehnologiýalara we serişdelere maýa goýmagy dowam eder».


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...