Apple iPhone-laryň dizaýnyny indi her ýyl täzelär: iPhone 17, 18 we 19 nähili bolar?

  • 31.05.2025 17:36
  • 10k+

Apple indi iPhone-laryň daşky görnüşini ownuk üýtgeşmeler bilen däl-de, her ýyl has uly özgertmeler bilen täzeläp başlar. Bu barada komponent üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelere salgylanyp, Digital Chat Station insaýderi habar berdi.

Täzelenmeler öňümizdäki güýzde çykmagyna garaşylýan iPhone 17 bilen başlar. Aýratyn üýtgeşmeler Pro modellerinde bolar. Olarda gönüburçly we arka paneliň tutuş inini diýen ýaly gurşap alýan täze kameraly modul peýda bolar. Obýektiwler öňküsi ýaly çepde bolar, ýöne çyrasy, mikrofony we LiDAR skaneri sag tarapa geçiriler.
Şeýle-de arka panel üçin iki reňkli dizaýn hem göz öňünde tutulýar. Gara optiki blok bilen kümüş reňkli korpus utgaşdyrylyp bilner, ýöne bu mesele boýunça entek gutarnykly karar kabul edilmedi.
2026-njy ýylda Apple kompaniýasy iPhone 18 bilen smartfonyň öň tarapyny üýtgetmegi maksat edinýär. Esasy täzelik ekranyň ýokarsyndaky kesimiň aýrylmagy bolar. «Face ID» datçigi ekranyň astynda ýerleşdiriler, öňdäki kamera bolsa çep burça geçiriler. Bu bolsa ekrany has «arassa» eder.


Iň uly üýtgeşmeler 2027-nji ýyla — ilkinji iPhone-laryň çykarylyşynyň 20 ýyllygyna gabat getirmek meýilleşdirilýär. iPhone 19 Pro doly çarçuwasyz ekrana eýe bolar. Enjam bir bitewi aýna monolit görnüşde taýýarlanar, öňdäki AMOLED ekran arkadaky aýna gapak bilen utgaşar. Selfi kamerasyny we «Face ID» datçigini hem öz içine alýan ähli datçikler ekranyň astynda ýerleşdiriler. Ýagny, ekranyň ölçegi korpusyň ölçegine deň bolar.
Şeýle-de möhüm täzelikleriň ýene biri bolsa, doly kremniýli batareýanyň peýda bolmagy bolar. Ol energiýanyň dykyzlygyny we akkumulýatoryň ömrüni artdyrar. Energiýanyň sarp edilişi bolsa «iOS 21» operasion ulgamyndaky emeli aň algoritmleri arkaly optimizasiýa ediler.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...