Urguda gataýan ýumşak motosikl şlemi döredildi

  • 31.05.2025 16:19
  • 3.3k+

«D3O» kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek nenýuton materialyndan taýýarlanan podkladkaly motosikl şlemini işläp düzdi. Adaty ýagdaýda ol ýumşak bolýar, emma urgy wagtynda tiz wagtda gatap, goragy üpjün edýär. Täze önümiň 2027-nji ýylda satuwa çykarylmagyna garaşylýar diýip, «ITHome» habar berýär.

Podkladka 2022-nji ýylda hödürlenen «Amp» konsepsiýasyna esaslanýar. Tehnologiýa pes intensiwli urgulary siňdirmek üçin niýetlenendir. Içki gatlak ýumşak nenýuton materialyndan taýýarlanypdyr, onuň üstünde bolsa rahatlygy üpjün edýän podkladka ýerleşdirilen. Bu kombinasiýa hem goragy, hem-de rahatlygy üpjün edýär.
«D3O» kompaniýasy ozal şeýle materiallary harby enjamlar, sport goragy we senagat howpsuzlygy serişdeleri üçin ulanypdy. Emma motosikl şlemlerinde bu tehnologiýa ilkinji gezek ulanylýar.
Belläp geçsek, şlem öndürilinde adaty ulanylýan material penopolistiroldyr (EPS). Ol has ýeňil, arzan we öndürmesi aňsat. EPS gysylma arkaly urgulary gowy siňdirýär. «D3O-nyň» nenýuton materialynyň netijeliligi we bahasy boýunça artykmaçlyklary häzirlikçe aýdyň däl.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....