Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy

  • 31.05.2025 15:49
  • 2.9k+

Netflix striming hyzmaty «Pyçaklar çykaryldy: Oýan, merhum» («Wake Up Dead Man: A Knives Out Mystery») atly filme degişli iki sany tizer paýlaşdy. Bu meşhur detektiw Benua Blank barada düşürilýän franşizanyň üçünji bölümi bolup, onuň keşbini ýene-de Deniel Kreýg ýerine ýetirýär.

Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär. Takyk görkeziljek senesi heniz yglan edilmedi.
Filmiň režissýory we ssenariý awtory öňküsi ýaly Raýan Jonson boldy. Bu taslama şeýle-de Joş O’Konor, Jeremi Renner, Joş Brolin, Mila Kunis, Glenn Klouz, Endrýu Skott we Keýli Speni ýaly aktýorlar hem gatnaşýar.
Franşizanyň ilkinji bölümi, ýagny «Pyçaklar çykaryldy» («Knives Out») filmi 2019-njy ýylda görkezilip, dünýä boýunça prokatda 350 mln dollardan gowrak girdeji gazanypdy. Onuň dowamy bolan «Pyçaklary çykaryldy: Aýna sogan» («Glass Onion: A Knives Out Mystery») filmi bolsa 2022-nji ýylyň ahyrynda Netflix-de elýeterli bolupdy.


düýn 22:06
717

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......