Şu hepdede Ýeriň deňinden köp gatly jaýyň göwrümindäki birnäçe howply asteroidler uçup geçer

  • 28.05.2025 12:32
  • 8.6k+

Şu hepdede NASA tarapyndan potensial howply (howp salmak mümkinçiligi bar) diýlip kesgitlenen dört sany asteroid Ýeriň deňinden geçer diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär.

Birinji asteroid — 2025 KT1 — 12,8 metr diametrli bolup, 26-njy maýda Ýeriň ýanyndan howpsuz aralykda geçdi. 27-nji maýda bolsa 25,3 metr ululygyndaky 2025 JP asteroidisi planetamyza takmynan 5,1 million kilometrlik aralykda geçdi.
Şu gün, 28-nji maýda, üç sany asteroid bir wagtda geçmegine garaşylýar:
2025 KW (29,7 metr),
2025 JR (79,5 metr),
2025 KU1 (20,2 metr).

Bu asteroidleriň ölçegleri köp gatly binalar bilen deňeşdirip bolar. Olar örän ýokary tizlikde hereket edýärler, emma potensial howply diýip kesgitlenendigine garamazdan, Ýere howp salmaýarlar.
NASA-nyň klassifikasiýasyna görä, Ýerden 7,4 million kilometre çenli (4,6 million mil) golaýlykdan geçýän asteroidler potensial howply hasaplanylýar. Agentlik her ýylda Ýere golaýlaşýan 3000-den gowrak asteroidleri hasaba alýar. Olaryň köpüsi atmosfera gireninde ýanyp ýok bolýar we Ýeriň ýüzüne ýetmeýär.
Bu asman jisimleriniň hemmesi takmynan 4,6 milliard ýyl ozal Gün ulgamynyň emele gelmegi netijesinde galan asteroid guşagynyň bir bölegidir.
NASA-nyň maglumatyna görä, indiki 100 ýylyň dowamynda uly asteroid bilen çaknyşmak howpy ýok diýip hasaplanýar.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...