Netflix “Da Winçiniň koduny” döredijiniň Robert Lengdon hakyndaky täze romanyny ekranlaşdyrýar

  • 26.05.2025 17:01
  • 1.5k+

Netflix akym hyzmaty Den Braunyň “Syrlaryň syry” (“The Secret of Secrets”) romanynyň ekranlaşdyryljakdygyny bildiriş etdi. Bu Garwardyň professory, simwolika boýunça hünärmen we “Da Winçiniň kodunyň” baş gahrymany Robert Lengdon hakdaky altynjy kitapdyr diýip, Deadline habar berýär.

Romanyň awtory taslamanyň edebi esasynyň awtorlaryndan we prodýuserlerinden biri bolar. Onuň bilen birlikde serialyň üstünde Karlton Kýuz (“Diri galmak” (“Остаться в живых”) işlär.
Täze kitabyň sýužeti ýiten alymyň gözlegine bagyşlanýar. Awtorlaryň sözlerine görä, onuň açyşlary adamzadyň aňynyň nähili işleýändigi baradaky düşünjäni üýtgedip biler. Braunyň özi romany ýazanlarynyň arasynda "iň hyjuwlysy" diýip atlandyrdy. “Syrlaryň syry”ABŞ-da 9-njy sentýabrda çykar.
Braunyň eserleriniň iň üstünlikli ekranlaşdyrylanlary Robert Lengdonyň keşbinde Tom Henksiň oýnamagynda düşürilen “Da Winçiniň kody”, “Perişdeler we şeýtanlar” (“Ангелы и демоны”) hem-de “Inferno” filmleri boldy. Bu üç film bilelikde dünýäde 1,478 milliard dollar girdeji gazandy.
Täze serialda Lengdonyň keşbini ýerine ýetirjek aktýoryň ady entek aýan edilmedi. Netflix-de taslamanyň takyk goýberiljek senesi hem entek belli däl.


düýn 22:06
696

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......