Disney täze «Ar alyjylar» filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürýär

  • 25.05.2025 23:37
  • 4.8k+

«Disney» mediakorporasiýasy «Ar alyjylar: Kyýamat güni» («Avengers: Doomsday») we «Ar alyjylar: Gizlin uruşlar» («Avengers: Secret Wars») filmleriniň çykarylyşyny yza süýşürdi diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Indi bu filmler, degişlilikde, 2026-njy ýylyň dekabrynda we 2027-nji ýylyň dekabrynda görkezilip başlar.

«Ar alyjylar: Kyýamat güni» 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda prokata çykar, bu bolsa ozalky meýilleşdirilen seneden ýedi aý giçdir.
«Ar alyjylar» filmleriniň yza süýşürilendigi baradaky habar «Disney-iň» filmleriň çykyş tertibine girizen giň gerimli üýtgeşmeleri bilen birlikde yglan edildi.
Şeýle hem kompaniýa birnäçe ady agzalmadyk «Marvel» filmlerini meýilnamasyndan çykardy.
Şeýlelikde, 2026-njy ýylda «Marvel» kinoälemine degişli bary-ýogy iki film çykar: «Ar alyjylar: Kyýamat güni» we «Sony» tarapyndan «Möý adam: Düýbünden başga gün» («Spider-Man: Brand New Day»).
«Marvel» filmleriniň sanynyň azaldylmagy «Disney-iň» baş direktory Bob Aýgeriň öňe sürýän strategiýasyna laýyk gelýär. Ol «Marvel Studios-yň» örän köp film we serial çykaryp, ünsüni ýitirendigini aýtdy. Onuň pikirine görä, ünsi filmleriň hiline jemlemek ýagdaýy gowulaşdyryp biler.
«Kyýamat güni» we «Gizlin uruşlar» filmleri – «Marvel-iň» giň göwrümli taslamalary bolup, olarda köp sanly meşhur aktýorlar çykyş eder. Olaryň arasynda Doktor Dumuň keşbinde gaýdyp geljek Robert Dauni-kiçi hem bar. Şeýle-de «Gök gürrüldedijiler*» («Thunderbolts*»), «Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» («The Fantastic Four: First Steps») filmlerinden we «X adamlar» («X-Men») franşizasyndan hem keşpler bolar.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....