Google emeli aň tarapyndan döredilen mazmunlary barlamak üçin ýörite gural döretdi

  • 25.05.2025 19:41
  • 1.4k+

«Google I/O 2025» konferensiýasynda «Google» kompaniýasy «SynthID Detector» atly ýörite portaly hödürledi. Bu portal emeli aňyň kömegi bilen döredilen sanly mazmunlary barlamaga mümkinçilik berýär.

«SynthID Detector» arkaly ýüklenen faýlyň «Google-yň» EA gurallary arkaly döredilip-döredilmändigini anyklap bolýar. Bu hyzmat «Gemini», «Imagen», «Lyria» we «Veo» modelleri bilen döredilen suratlar, wideolar, ses ýazgylary we tekst ýaly dürli görnüşli mazmunlar bilen işleýär.
Bu tehnologiýanyň esasynda «SynthID» sanly suw belgileri (watermark) bar. Olar mazmun döredilende, awtomatiki görnüşde şoňa ýerleşdirilýär. Bu bellikler faýl çäklendirilse-de, üýtgedilse-de ýa-da sosial torlarda paýlaşylsa-da, şonuň içinde galýar.
Barlag üç ädimde amala aşyrylýar: ilki bilen faýl ýüklenýär, soňra suw belgileri skanirlenýär, soňra bolsa netijeler görkezilýär. Suratlar boýunça belgileriň bolmagy ähtimal ýerler görkezilýär. Ses faýllarynda bolsa ulgam belli wagt aralyklaryny görkezýär.
Hasaplamalara görä, 2021-2024-nji ýyllar aralygynda dipfeýk wideolaryň sany 550% köpelipdir. Şeýle ýagdaýda sanly mazmunyň hakykylygyny barlamak üçin gurallara zerurlyk ýüze çykýar.
«Google» bu portalyň žurnalistler, gözlegçiler we media hünärmenleri üçin dezinformasiýa garşy göreşde peýdaly bolup biljekdigini belleýär. Häzirki wagtda bu gural diňe irki synagçylar üçin elýeterli. Isleg bildirýänler garaşýanlaryň sanawyna goşulmak üçin ýüz tutup bilerler.
Şeýle hem belläp geçmek gerek, «SynthID Detector» diňe «Google-yň» EA gurallary ýa-da bu tehnologiýany ulanýan hyzmatdaşlaryň döreden mazmunlaryny tanap bilýär. Suw belgileri bolmadyk başga ulgamlarda döredilen faýllary tanamaýar.
«Google» ekoulgamy giňeltmek üçin tekst boýunça «SynthID-niň» açyk koduny hemmeler üçin elýeterli etdi we «Nvidia» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda olaryň «Nvidia Cosmos» hyzmaty arkaly döredilen wideolara suw belgilerini ýerleşdirmek işini ýola goýdy.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
923

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...