«Kalmar oýnunyň» awtory serialyň soňky möwsümi barada gürrüň berdi

  • 25.05.2025 19:33
  • 4.6k+

«Kalmar oýny» serialynyň awtory Hwan Don-hýogyň aýtmagyna görä, üçünji möwsümde baş gahryman öňküsindenem has agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu barada ol «Entertainment Weekly» neşirine gürrüň berdi.

«Üçünji möwsümde ynsan tebigatynyň iň aşak çäklerini görkezýän oýunlar bilen tanyşdyrmak isledim. Sebäbi, serial jemleýji nokadyna golaýlap gelýär, şeýle-de men oýunlaryň örän dartgynly bolmagyny isledim. Men adamlaryň adamkärçilik duýgylaryny nädip saklap biljekdiklerine we hatda iň ýowuz bäsdeşligiň arasynda-da nädip adam bolup galmalydyklaryna üns bermek isledim» — diýip, Hwan Don-hýok aýtdy.

Onuň sözlerine görä, üçünji möwsüm tutuş hekaýanyň soňy bolar. Baş gahryman Son Ki Hun hekaýanyň ahyryna çenli düýpgöter üýtgär.
Täze möwsümiň wakalary gahrymanyň (keşbini Li Jonje ýerine ýetirýär) diri galmak oýnuna dolanyp gelmegini gürrüň berer. Ol täze guramaçylary paş etmek we gatnaşyjylaryň ölmegini togtatmak isleýär. Ahyrynda ol oýunlaryň syrly guramaçysy bilen ýüzleşip, başlanan işi soňlamaly bolar.
«Kalmar oýnunyň» üçünji möwsüminiň premýerasy 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyna meýilleşdirilýär. Ýagny ikinji möwsümden bary-ýogy 6 aý soň çykar.


düýn 22:06
696

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......