Awiakompaniýalar 2026-njy ýyldan ýolagçylara arzan dik durulýan orunlary hödürläp başlar

  • 25.05.2025 10:46
  • 10k+

Käbir arzan awiagatnadyjylar uçarlaryň salonynda dik durulýan orunlary hödürlemek bilen, has köp ýolagçyny ýerleşdirip biler. Daily Mail britan tabloidiniň habar bermegine görä, olar eýýäm 2026-njy ýylda gysga gatnawlarda peýda bolup biler.

Häzirlikçe gürrüň Aviointeriors italýan kompaniýasynyň Skyrider 2.0 modeli barada gidýär. Bu oturgyçlar welosipediňki ýalydyr: ýolagçylar oturgyja daýanýar, ýöne doly oturmaýar.
Skyrider 2.0 ilkinji gezek 2018-nji ýylda Gamburgda geçirilen Aircraft Interiors Expo sergisinde görkezildi. Şondan bäri oturgyçlar kämilleşdirildi – berkidiş güýçlendirildi, amortizasiýa goşuldy, agram bolsa adaty oturgyçlar bilen deňeşdirilende tas 50% azaldyldy.
Oturgyçlaryň şeýle ýerleşdirilmegi ýolagçylaryň sanyny 20% artdyrmaga mümkinçilik berýär we ony iki sagada çenli dowam edýän uçuşlarda ulanmak bolýar.
Häzirlikçe awiakompaniýalaryň hijisi şeýle oturgyçlaryň ornaşdyrylandygyny resmi taýdan tassyklamady. Ýöne Ryanair-iň ýolbaşçysy Maýkl O’Liri muňa gyzyklanma bildiripdi. Ol 2012-nji ýylda 1 funt sterling bahaly petek bilen şeýle orunlardan birnäçe hatar hödürlemek isleýändigini aýdypdy.
Sosial ulgamlarda bu habar, esasan, nägilelik döretdi. Käbir ulanyjylar bu pikiri “adamkärçiliksiz” diýip atlandyryp, şertleri “gullaryňky” bilen deňeşdirdi.
Bahalaryň ep-esli arzanlajakdygyna garamazdan, bu habar ýolagçylary enteg-ä begendirmedi. 


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......