Tanymal režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy barada serial düşüriler

  • 25.05.2025 10:40
  • 3.5k+

Apple TV+ režissýor Martin Skorsezeniň durmuşy we döredijiligi barada dokumental serialyň çykaryljakdygyny habar berdi.

Deadline neşiriniň belleýşi ýaly, “Jenap Skorseze” atly taslama bäş bölümden ybarat bolar. Ol Skorsezeniň özi bilen açyk gürrüňdeşliklere, şeýle-de onuň ýakynlary, dostlary we awtordaşlar bilen öň neşir edilmedik söhbetdeşliklerine esaslanar.
Taslama Robert De Niro, Leonardo DiKaprio, Mik Jagger, Stiwen Spilberg, Şeron Stoun, Jodi Foster, Margo Robbi we beýlekiler gatnaşdy.
Serial režissýoryň şahsy tejribesiniň Nýu-Ýork uniwersitetinde düşürilen talyp filmlerinden başlap, “Rehimsiz köçeler” (Злые улицы), “Taksi sürüjisi” (Таксист), “Guduz öküz” (Бешеный бык), “Nýu-Ýorkuň bandalary” (Банды Нью-Йорка), “Näletlenenleriň adasy” (Остров проклятых) we “Uoll-stritiň möjegi” (Волк с Уолл-стрит) ýaly meşhur işlerine çenli uzan döredijilik ýoluna nähili täsir edendigi barada gürrüň berer.
Taslamanyň režissýory hökmünde Rebekka Miller çykyş etdi. Skorseze oňa şahsy arhiwlerine girmäge rugsat berdi.
Miller bu serialyň üstündäki işi öz durmuşynda kesgitleýji wakalaryň biri diýip atlandyrdy. Önümçilik bäş ýyl wagt aldy.
Premýeranyň senesi entek habar berilmedi. 


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....