Tramp iPhone smartfonlary ABŞ-da öndürilmese, Apple-e 25% paç girizmek isleýär

  • 24.05.2025 19:20
  • 13k+

ABŞ-nyň häkimiýetleri Apple kompaniýasy iPhone önümçiligini ABŞ-a geçirmedik ýagdaýynda, kompaniýanyň harytlaryna 25% gümrük paçlaryny girizer. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Prezidenti Donald Tramp aýtdy.

“Men öň Apple-den Tim Kuka iPhone-yň Hindistanda ýa-da başga bir ýerde däl-de, ABŞ-da öndürilmegine we ýygnalmagyna garaşýandygymy aýdypdym. Eger şeýle edilmese, Apple üçin “azyndan 25%” möçberde paç giriziler” – diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.

Şol bir wagtyň özünde, ol bellibir möhlet goýmady we bu talabyň diňe iPhone-a ýa-da Apple-iň ähli önümlerine degişlidigini aýdyňlaşdyrmady.
Apple-iň paýnamalary NASDAQ biržasynda şol pursat 4%, bir paý üçin 193,4 dollara çenli pese gaçdy.

Apple-iň harytlary Hytaýda, Hindistanda we Wýetnamda öndürilýär. The Wall Street Journal gazetiniň habar berşi ýaly, kompaniýa nyrh söweşi başlamazdan ozal, önümçiligi Hindistana işjeň geçirip başlady. Ýöne has girdejili smartfon modelleri – Pro we Pro Max – Hytaýda öndürilmegini dowam etdirýär.
Apple önümçiligiň bir bölegini ABŞ-a geçirmek mümkinçiligini öwrenýär, ýöne WSJ-niň hasabyna görä, muňa birnäçe ýyl gerek bolar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple Hindistana “göçülmegi” sebäpli 2025-nji ýylyň güýzünde hödürlenjek täze iPhone hatarynyň bahasyny ýokarlandyrmagy hem göz öňünde tutýar.
CNN ABŞ-da öndürilen iPhone-yň öz bahasynyň azyndan 3500 dollar bolup biljekdigini hasaplady. 


04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

30.05.2026 19:37
9.2k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....