Türkmenistanda iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada aýdyldy

  • 24.05.2025 11:46
  • 6.9k+

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli çäreleri we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär. Şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

  • 2 — 7-nji iýuny aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalynyň,
  • 6-njy iýunda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli çäreleriň,
  • 22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi mynasybetli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
  • 27-nji iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, beýik şahyryň “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky ýadygärligine gül goýmak dabarasynyň,
  • 29-njy iýunda bolsa Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

düýn 22:11
734

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......