Aşgabatda iýunda “Turkmentextile Expo — 2025” halkara sergi-ýarmarkasu geçiriler

  • 24.05.2025 11:43
  • 2.4k+

2025-nji ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Turkmentextile Expo — 2025” atly halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Wise-premýer N.Atagulyýew bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......