«Perseverance» mars roweri «tozan arwahy» bilen selfi düşdi

  • 23.05.2025 18:51
  • 5.9k+

«Perseverance» mars roweri Marsda peýda bolan «tozan arwahyny» tötänleýin görkezýän selfi düşürdi. Ak reňkli, solak, buluda meňzeş girdap enjamdan, takmynan, bäş kilometr uzaklykda peýda boldy diýip, NASA habar berýär.

Bu surat alty tigirli geolog-roweriň Ýezero krateriniň gyrasyndaky «Jadygöý Heýzeliň depesi» atly sebitde wagty düşürilipdir. «Perseverance» soňky bäş aý bäri şol krateri öwrenýär.
Selfi «Perseverance» roweriniň manipulýatoryndaky kamera bilen düşürilen 59 kadryň birleşdirilmegi bilen ýasalypdyr. Roweriň kamera enjamlaryny işläp düzen «Malin Space Science Systems» kompaniýasynyň suratlary gaýtadan işlemek boýunça hünärmeni Megan Wunyň sözlerine görä, bu suratlary düşürmek üçin bir sagat wagt gerek bolupdyr, ýöne çekilen zähmet netijä «mynasyp» bolupdyr.

«Tozan arwahynyň suratda fon hökmünde peýda bolmagy bu suraty hakyky klassyka öwürýär» — diýip, Wu belläp geçdi.

Gyzyl planeta gondurylan gününden bäri, «Perseverance» Marsda eýýäm 1500 sol (Mars güni) ýaşapdyr – bu bolsa Ýerdäki 1541 güne, ýagny 4 ýyl, 2 aý we 10 güne deňdir. Şol döwrüň dowamynda, ol bäş gezek selfi düşüpdir.
Täze düşürilen suratda «Perseverance» enjamynyň birnäçe gaýany burawlamagyň netijesinde dörän gyzylymtyl tozan bilen örtülendigi görnüp dur. Suratyň düşürilen wagtyna çenli ol 37 sany gaýany we uly daşlary işläpdir, 26 sany nusga ýygnapdyr we 36 kilometrden gowrak ýol geçipdir.


11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....