Ferrari iýulda täze Amalfi sport ulagyny görkezer. Roma-nyň mirasdüşeri geň galdyrmagy wada berdi

  • 23.05.2025 11:41
  • 3.5k+

Ferrari täze sport awtoulagyny - Ferrari Amalfi çykarmaga taýynlanýar. Ol Ferrari Roma modeliniň mirasdüşeri bolar. Resmi tanyşdyryş çäresini 2025-nji ýylyň iýulynda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda awtoulag ýol synaglaryndan geçýär.

Amalfi Roma-nyň platformasynda gurlar, ýöne ep-esli dizaýn üýtgeşmelerini alar. Awtoulagyň 2 + 2 görnüşini saklamagyna garaşylýar, ýöne öň tarapy üýtgeşik we korpus çyzyklary has döwrebap bolar.
Deslapky maglumatlara görä, täze model döwrebaplaşdyrylan V8 bilen enjamlaşdyrylar. Onuň kuwwaty Roma-nyň 620 at güýjüni öndürýän hereketlendirijisinden ýokary bolar. Bu gowulaşan dinamikany üpjün eder.
Interýeriniň nähili boljakdygy entek aýan edilmedi, ýöne täzelenen tehnologiýaly we bezegleriniň hiliniň ýokary bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem Spider wersiýa garaşylýar.
Amalfi 2025-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýän alty sany täze Ferrari modeliniň biri bolar. Mundan başga-da, kompaniýa oktýabr aýynda ilkinji doly elektrikli awtoulagyny hödürlemekçi, ol 2026-njy ýylda çykar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......