Britaniýada Sezaryň döwrüne degişli iň uly hazyna tapyldy. Tapan adama bir teňňe-de berilmez

  • 23.05.2025 11:09
  • 12k+

Beýik Britaniýada b.e. öňki I asyryň ortalaryna degişli 800-den gowrak altyn teňňeden ybarat hazyna tapyldy. Esseks graflygynyň Çelmsford şäherinde ýüze çykarylan kolleksiýa «Greýt-Beddou hazynasy» diýlip atlandyryldy we demir asyryna degişli altyn teňňeleriň sany boýunça ýurduň taryhynda iň uly tapyndy hökmünde ykrar edildi.

Arheologlaryň maglumatlaryna görä, bu hazyna trinowantlar bilen katuwellaunlaryň arasyndaky gapma-garşylyk bilen baglanyşykly bolup biler. Rim çeşmelerindäki ýazgylarda taýpalaryň arasyndaky duşmançylygyň rimlileriň bu sebite girmegine täsir edendigi beýan edilýär. Bu teňňeleriň harby gazna ýa-da Ýuliý Sezara berlen salgyt bolmagy hem ähtimal.

«Bu taýpalaryň arasyndaky duşmançylyk barada rim ýazgylaryny tassyklaýan ilkinji arheologik subutnama» — diýip, Çelmsford muzeýiniň kuratory Kler Uillets aýtdy.

Çelmsford şäheriniň geňeşçisi Jenni Larjyň sözlerine görä, bu tapyndy sebitiň arheologik taryhyndaky boşluklary doldurmaga ýardam berer.
Hazyna metal detektoryň kömegi bilen tapyldy, ýöne gözleg rugsatsyz alnyp barlypdyr we tapylandan soň köp wagtlap gizlin saklanypdyr. Şonuň üçin hem hazynany tapan adam pul baýragyndan mahrum edildi, 1996-njy ýyldaky «Hazyna hakyndaky» Kanuna laýyklykda, diňe ýer eýesine kompensasiýa tölendi.
Muzeý tapylan hazynany Milli Lotereýanyň Miras gaznasyndan alnan 250 müň funtlyk (takmynan, 335 müň dollarlyk) grantyň we beýleki haýyr-sahawat serişdeleriniň hasabyna satyn aldy.
2026-njy ýylyň tomsunda teňňeler ilkinji gezek wagtlaýyn sergide köpçülige görkeziler, hemişelik sergi bolsa 2027-nji ýylyň ýazynda açylar. Bu sergide rimlilerden öňki Britaniýada häkimiýet, söwda we jemgyýetçilik üýtgeşmeleri barada gürrüň berler.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......