Oksford we Kembrij uniwersitetleri ilkinji gezek The Times-yň reýtinginde ilkinji üçlüge girip bilmedi

  • 24.09.2025 11:22
  • 5.8k+

Beýik Britaniýanyň meşhur ýokary okuw jaýlarynyň biri hasaplanýan Kembrij hem-de Oksford ilkinji gezek The Times and Sunday Times Good University Guide 2026 reýtinginiň ilkinji üçlügine girip bilmedi. Bu sanaw 32 ýyl bäri yzygiderli çap edilip gelinýär we ýurduň ýokary bilimiň derejesini kesgitlemekde möhüm görkeziji hasaplanýar.

Birinji orny ikinji ýyl yzly-yzyna Londonyň Ykdysadyýet Mekdebi (LSE) eýeleýär. Ikinji orny Sent-Endrýus uniwersiteti, üçünji orny bolsa Darem uniwersiteti eýeledi. Kembrij dördünji, Oksford bolsa bäşinji orunda ýerleşdi.
Geçen ýylky görkezijiler başgaça bolupdy: Oksford üçünji, Kembrij bolsa dördünji orny eýeläpdi. Şeýlelikde 2025-nji ýyl ilkinji gezek ýurduň iň köne uniwersitetleriniň ikisiniň hem The Times-nyň ilkinji üçlüginden çykarylan ýyly boldy.
Şol bir wagtyň özünde, başga bir abraýly sanaw — The Guardian University Guide 2026 geçen hepde çap edilende, düýpgöter başgaça netije görkezdi: onda Oksford birinji, Kembrij bolsa üçünji orny eýeledi.
Bu tapawutlar sanawlaryň taýýarlanyş usulyna we baha bermegiň ölçeglerine baglydygyny görkezýär. The Times esasan uçurymlaryň işe ýerleşmegi we okuw sapagynyň hiline üns berse, The Guardian talyplaryň kanagatlanmagyna hem-de akademiki görkezijilere has köp ähmiýet berýär.


27.02.2026 12:04
3.6k+

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça dört resminama gol çekdi

Londonda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygynyň binýadyny emele getirýän dört resminama gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär...

26.02.2026 22:40
5k+

Londonda Türkmenistan bilen Britaniýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna seredildi

25-nji fewralda Londonda Türkmenistanyň wekiliýeti Britaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň, degişli guramalaryň we halkara bilim kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi...

31.01.2026 18:16
2.5k+

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy

25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy...

19.11.2025 11:45
6k+

Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Türkmenistanda ussatlyk-sapagyny geçdiler

10-14-nji noýabr aralygynda «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini tizleşdirmek» diýen Britan geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Martin Sewior we Sara Han Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda boldular...