Beýik Britaniýada 12 ýaşly oglan gadymy Rim döwrüniň altyn bilezigini tapdy

  • 25.09.2025 21:00
  • 17k+

Peghem obasynda (Günbatar Sasseks, Beýik Britaniýa) 12 ýaşly Rouen Brennan biziň eramyzyň I asyry bilen senelenýän Rim döwrüniň seýrek altyn bilezigini tapdy. Ilkibaşda oglanyň ejesi artefaktyň gymmatyny bilmän, ony zyňmagy tabşyrdy, ýöne Rouen ony saklamak kararyna geldi diýip, Popular Mechanics habar berýär.

Waka üç ýyl ozal, Rouen Angliýanyň günorta kenarynda ejesi we iti bilen gezelenç edip ýören wagty bolup geçdi. Ol ýerde metal bölegini görüp, onuň altyn bolup biljekdigini çaklady. Soňra munuň Rim döwründe esgerlere edermenligi üçin berlen harby bilezikdigi anyklandy.

“Rouen ownuk-uşak zatlary çöplemegi hemişe gowy görerdi. Menem her gezek “Taşla muny, ol hapa” diýýärin. Ýöne bu gezek ol bu metal bölegini, altyndygyna ynanyp, elinde saklamagyny dowam etdirdi” – diýip, çaganyň ejesi Sussex Express bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Bilezik ilkibaşda, tä myhmanlaryň biri ony zergäre görkezmegi teklip edýänçä, öýde ünssüz saklandy. Ahyrynda zergär onuň hakykydygyny tassyklady. Soňra tapyndy seljeriş üçin britan muzeýine iberildi. Çiçester etrap geňeşiniň hünärmenleri bilezigiň biziň eramyzyň 43-nji ýylynda rimlileriň Britaniýa çozup giren döwrüne degişlidigini we onuň edermenlik üçin sylaglanan esgere degişli bolup biljekdigini belledi.
Indi bilezik Nowum muzeýinde saklanýar. Çiçester etrap geňeşiniň ýolbaşçysy Adrian Moss tapyndynyň wakasynyň “Eger daş-töweregiňe ünsli seretseň, haçan nämäni tapjakdygyňy bilmeýändigiňi” görkezýändigini belleýär.


16.06.2026 23:19
2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......