Madridiň “Atletikosy” eýesini çalşar. Kluby Apollo amerikan gaznasy satyn alýar

  • 22.09.2025 10:50
  • 5.8k+

Madridiň “Atletiko” futbol kluby Apollo amerikan maýa goýum gaznasynyň gözegçiligine geçmäge ýakyn. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, klubuň häzirki eýeleri bilen gepleşikler ahyrky tapgyrda dowam edýär.

Häzir “Atletikonyň” paýnamalarynyň 70%-i baş direktor Migel Anhel Hil Marine, prezident Enrike Sereso we Ares Management kompaniýasyna degişli. Olaryň ählisi, habar berlişi ýaly, şertnama razylyk berdi.
Anyk mukdar aýdylmaýar, ýöne dürli çeşmeler bahanyň 2,5 mlrd ýewrodan 3 mlrd ýewro çenli bolup biljekdigini belleýär. Bu Forbes-iň geçen ýylky 1,44 mlrd ýewro bahasyndan ep-esli ýokarydyr. Şertnama ýapylan ýagdaýynda klub dünýäniň iň gymmat toparlarynyň reýtinginde 13-nji orundan 8-nji orna çykar.
Apollo 800 mlrd dollarlyk aktiwleri dolandyrýar we ol eýýäm futbola maýa goýmaga synanyşdy. Ozal gazna “Mançester Ýunaýtedde” paý almak isledi, ýöne bu başa barmady. Indi ol ünsüni Ispaniýa gönükdirdi.
“Atletiko” soňky ýyllarda özüni güýçli garşydaş hökmünde görkezdi. Klub 2014-nji we 2021-nji ýyllarda ýurduň çempiony boldy. Ýöne maliýe tarapdan klub pes oýunçy bolup galýar: 2023/24 möwsüminde onuň girdejisi 395 mln ýewro, düşewünt bolsa bary-ýogy 1 mln ýewro boldy.
Eger şertnama baglaşylsa, täze hojaýyna sazlaşykly geçişi üpjün etmek üçin paýnamalar kem-kemden satyn alnar.


düýn 15:47
4.5k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.5k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
5k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
3k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......