La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

  • 23.05.2026 21:06
  • 3.4k+

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026 maslahatynda liganyň prezidenti Hawýer Tebas mälim etdi. Onuň sözlerini «Marca» neşiri getirýär.

Onuň aýtmagyna görä, emeli aň eminler toparynyň işine baha bermekde ulanylýan parametrleriň azyndan 40%-ini obýektiw seljermäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda 30-a golaý kriteriýa Eminleriň tehniki komitetiniň işgärleri tarapyndan elde seljerilip baha berilýär.

«Biz emeli aňyň kömegi bilen parametrleriň azyndan 40%-ini obýektiw kesgitlejek guraly döredýäris. Ähli geçirilen oýunlaryň esasynda ýörite ulgam döredilýär we algoritmler emele getirilýär. Emeli aň hemme zady seljerer we eminiň nirede dogry çözgüt berendigini görkezer. Biz bu işi has obýektiw ýagdaýa getirýäris» – diýip, Tebas belledi.

Täze ulgam eminleri duşuşyklara bellemek işine hem gatnaşar. Emeli aň komitete anyk bir oýun üçin iki ýa-da üç sany dalaşgäri hödürlär, ýöne soňky gutarnykly çözgüt ýene-de adamyň özüne galar.

«Marca-nyň» berýän maglumatyna görä, La Liga we Patyşalyk ispan futbol federasiýasy birnäçe aýdan bäri bu ulgamy ornaşdyrmagyň üstünde işleýär. Baha bermegiň mümkin bolan kriteriýalarynyň arasynda eminiň anyk bir toparlar bilen geçiren oýunlarynyň sany, şol duşuşyklaryň netijeleri we emin bilen klublaryň arasynda ozal ýüze çykan düşünişmezlikleriň barlygy ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar.


düýn 18:20
2.6k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.1k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......