Hytaýda maşinistsiz tizligini sagatda 200 km-e çykaryp biljek dünýäde iň tiz otly guruldy

  • 23.09.2025 00:21
  • 6.6k+

Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäheriniň Sýunan etrabynda dünýäde iň çalt awtomatlaşdyrylan otly görkezildi. Ol sagatda 200 km-e çenli tizlikde hereket edip bilýär.

Otly GoA4 (Grade of Automation 4) derejesindäki dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan bolup, doly sürüjisiz işläp bilýär. Şol bir wagtyň özünde maşinistiň kabinasy saklanyp galdy. Ulgamyň «beýnisi» maglumatlary ýygnap, seljerýär we özbaşdak çözgüt kabul edýär, näsazlyk töwekgelçiligini 95% -den gowrak azaltmaga mümkinçilik berýär.
Howpsuzlyk aýratynlyklary:

  • Otluda 2900-den gowrak datçik bar, olar tizlik ulgamynyň, hereketlendiriji enjamyň we tormozlarynyň ýagdaýyny häzirki wagtda yzarlap durýar.
  • Sanly ekiz (digital twin) we emeli aň ulgamy näsazlyklaryň öňüni görmäge hem-de hyzmatlary öňünden meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
  • Urga garşy täze elementleri we köp nokatly energiýa siňdiriji gurluşlar arkaly passiw howpsuzlyk güýçlendirildi.

Tehniki we ykdysady artykmaçlyklar:

  • Otlynyň aerodinamikasy gowulandyrylyp, howa garşylygy azaldy.
  • 200-den gowrak ätiýaçlyk şaýynyň unifikasiýasy hem-de akylly diagnoz ulgamy işletme çykdajylaryny ep-esli azaldýar.

Täze otly «Pekin–Sýunan ekspress» ugrunda hyzmat eder:

  • Sýunany Pekin Daşin halkara howa menzili bilen bary-ýogy 30 minutda,
  • Pekiniň işewürler merkezi Lizýe bilen bolsa 60 minutda baglanyşdyrar.

Bu taslama Sýunan sebitiniň ösüşine we paýtagtyň töwereginde bir sagatlyk ulag halkasynyň kemala gelmegine möhüm ädim bolar.

düýn 10:01
3.4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.8k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.8k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....