Elektrokarlardan lapykeç bolan Ford akkumulýator zawodynyň güýjüni Nissan-a berer

  • 23.05.2025 00:03
  • 3.9k+

Ford Motor elektromobil işläp taýýarlamak meýilnamasyna gaýtadan seredilendigini habar berdi. Awtoöndüriji Kentukkidäki (ABŞ) akkumulýator öndürýän zawodynyň önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Nissan kompaniýasyna kärendesine bermek kararyna geldi.

2021-nji ýylda Ford elektromobil ösüşine 7 mlrd dollar möçberde maýa goýdy. Meýilnama Günorta Koreýanyň SK On kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda akkumulýator önümçiligi boýunça iki zawodyň gurluşygyny öz içine alýardy. Ýöne bazardaky isleg çak edilenden pes boldy. Zawodlaryň biri asla ulanylmady, beýlekisi bolsa doly güýjüne işlemedi, Ford onuň mümkinçilikleriniň diňe bir bölegini öz hajatlary üçin ulanýardy. Şonuň üçin, maglumatlara görä, kompaniýa işleýän zawodynyň önümçilik güýjüniň bir bölegini Nissan-a kärendesine bermek kararyna geldi.
Ýapon kompaniýasynyň maliýe ýagdaýy çylşyrymly bolup galýar. 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Nissan 4,5 mlrd möçberde ýitgi hasaba aldy. Şunuň bilen baglylykda 20 000 işgäri işden çykarýandygyny we Ýaponiýada täze akkumulýator zawodyny gurmak meýilnamasyndan ýüz öwürýändigini mälim etdi.
ABŞ-da önümçilik kuwwatyny kärendesine almak import bilen bagly çykdajylary azaltmaga we Missisipi ştatynyň Kanton şäherindäki zawodda ýolsuz ýerden ýöreýän elektrik ulaglaryň önümçiligini goldamaga kömek eder. Ozal Nissan akkumulýatorlar bilen SK On kompaniýasynyň üpjün etjekdigini tassyklady.
Ford we Nissan kompaniýalarynyň wekilleri teswir bermekden ýüz öwürdi.


19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....