Merkezi Aziýa ýurtlarynda temperatura rekordlary hasaba alynýar

  • 22.05.2025 12:19
  • 10k+

Ýaz pasly başlany bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda birnäçe sebitlerde gurakçylyga getiren aşa yssy howa hasaba alynýar. Maglumatlara görä, soňky 30 ýylda sebitde temperatura 1,5°С ýokarlandy – bu ortaça global görkezijiden iki esse ýokarydyr.

80 million töweregi ilaty bolan Merkezi Aziýa sebiti eýýäm suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýratynam, sähra we çöl sebitleri gowşak bolup galýar.
Ýylylyk tolkuny mart aýyndan bäri dowam edýär. Hünärmenleriň nygtamagyna görä, yssy howa oba hojalygyna, suw üpjünçiligine we adamlaryň hal-ýagdaýyna täsir edýär.
Geçen şenbe güni Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde temperatura 37,1°С çenli ýokarlandy – bu täze maý rekordy diýip, AFP Gyrgyzystanyň Meteorologiýa gullugyna salgylanyp habar berýär. Aprel aýynda Özbegistanyň köp şäherlerinde kadalydan 5 gradus ýokary bolan yssy howa hasaba alyndy. Anna güni Daşkent maý aýy üçin täze temperatura rekordyna golaýlady.
Kadalydan 2,7°С ýokary temperaturaly gyşy başdan geçiren Gazagystanda eýýäm on bir sebitde gurakçylyk barada habar berildi. Maý aýynda ýurduň çäginde 40°С töweregi temperatura hasaba alyndy. Täjigistanda hem häkimiýetler aşa yssy temperatura barada habar berýär.
Aşa ýokary görkezijiler Aşgabatda hem hasaba alyndy. AFP-yň Türkmenistanyň Meteorologiýa gullugyna salgylanyp habar bermegine görä, aprel aýynda ýurduň paýtagtynda 1891-nji ýyldan, ýagny meteorologiki gözegçilikler başlany bäri ýokary temperatura rekordy goýuldy.


12.02.2026 11:25
1.4k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...

20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

22.12.2025 13:53
5.8k+

Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler...

02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...