Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi

  • 22.05.2025 12:35
  • 5.1k+

Walt Disney Animation Studios-yň YouTube kanalynda “Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) multfilminiň ilkinji treýleri peýda boldy. Animasion filmiň dünýä prokatyndaky premýerasy 26-njy noýabra meýilleşdirilýär.

Ikinji filmde Zootopia şäheriniň ýaşaýjylary täze howpa duçar bolýar. Baş gahrymanlar – tilki Nik we towşan Judi şäherdäki adaty durmuş tertibini bozan syrly süýreniji bilen bagly işi derňär.
Jeýson Beýtman ýene Nike ses berdi, Jennifer Gudwin bolsa Judiniň keşbine gaýdyp geldi. Täze wakada ýylana “Oskar” baýragynyň eýesi Ke Hýui Kwan ses berdi, Fazzbi atly kwokka bolsa Kinta Bransonyň sesi bilen gürlär.
Sýužet boýunça, Nik we Judi öz çylşyrymly gatnaşyklaryna düşünmek üçin terapiýadan geçmek kararyna gelýär. Fazzbi olaryň terapewti bolýar.
Ýene bir täze gahrymana – Nibbls atly samyra komik Forçun Faýmster ses berdi. Şakira ýene-de Gazeliň keşbini ýerine ýetirer we film üçin iki täze aýdym hödürlär.
Birinji multfilm “Haýwanlar şäheri” 2016-njy ýylda çykdy we dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy. Ol “Haýwanlar şäheri+” serialy üçin esas boldy, onda her bir bölüm aýratyn gahrymana, şol sanda towşan Judi Hopsa bagyşlanýar.


düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....