Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi

  • 22.05.2025 12:30
  • 4.4k+

Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi.

Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar.
Veo 3 şekilleri audio bilen sinhronlap, ses effektlerini, fon sesini we hatda dialoglary goşýar. Ulanyjylar gahrymanlary, ýagdaýy we replikalaryň nähili eşidilmelidigini suratlandyryp biler diýip, Google DeepMind-yň ýolbaşçysy Demis Hassabis belledi.
Kompaniýa Veo 3 modeliniň haýsy maglumatlaryň esasynda türgenleşdirilendigini görkezmeýär. Ýöne TechCrunch-yň maglumatlaryna görä, emeli aňy işläp taýýarlamakda YouTube-dan alnan materiallaryň ulanylan bolmagy mümkin. Ozal Google platformanyň kontentiniň EA modellerini türgenleşdirmek üçin “ulanylyp bilinjekdigini” aýdypdy.
OpenAI, Runway, Alibaba we beýleki işläp düzüjileriň modellerinden tapawutlylykda, Veo 3 doly derejeli ses “bezegini” goldaýar. Tehnologiýa DeepMind tarapyndan işlenip düzülen video-to-audio ulgamyna esaslanýar. Ol wideony pikseller derejesinde seljerýär we laýyk sesi saýlaýar.
Veo 3-üň kömegi bilen döredilen ähli wideolara dipfeýklerden we ýalan maglumatlardan goramak üçin awtomatik taýdan göze görünmeýän SynthID belligi goýulýar.
Şol bir wagtyň özünde, köp hudožnikler we animatorlar alada galýarlar. ABŞ-nyň animatorlar gildiýasy tarapyndan geçirilen gözlegiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýyla çenli emeli aň kino, telewideniýe we animasiýa pudagynda 100 müň töweregi iş ornuny gysyp çykaryp biler.
Veo 3 eýýäm aýda 249 dollar baha bilen AI Ultra ulanyjylary üçin Gemini programmasynda elýeterlidir. 


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......