Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi

  • 22.05.2025 12:26
  • 852

Apple her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň konferensiýasyny – WWDC 2025-i resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy iýundan 13-nji iýun aralygynda geçiriler.

Ol 9-njy iýunda, duşenbe güni sagat 22:00-da (Aşgabat wagty) esasy tanyşdyrylyş bilen açylar.
Çagyrylan gatnaşyjylar kompaniýanyň Kupertinodaky baş edarasy Apple Park-da geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşyp biler. Şeýle-de, olar işläp düzüjiler bilen gürrüňdeş bolmak we ýörite çärelere gatnaşmak mümkinçiligini gazanar. Beýleki isleg bildirýänler çäräni onlaýn yzarlap, sanly görnüşde programma mugt goşulyp biler.
Esasy üns iOS 19 operasion ulgamynyň tanyşdyrylyşyna gönükdiriler. Ulgamyň täzelenen dizaýna we emeli aň bilen baglanyşykly täze funksiýalara eýe bolmagyna garaşylýar. Olaryň arasynda akkumulýatoryň zarýadyny has gowy dolandyryş we jemgyýetçilik Wi-Fi torlaryna has amatly birikme bar. Mundan başga-da, Notes ulanyjylary kiçiräk üýtgeşmä – şriftlerde “a” harpynyň täze şekiline garaşyp biler.
Beýleki täzelikleriň arasynda iPadOS 19 bar. Deslapky maglumatlara görä, ol macOS-yň interfeýsine meňzeş menýuny alar. Ol Magic Keyboard klawiaturasy ulanylan ýagdaýynda ekranyň ýokarky böleginde peýda bolar.
WWDC 2025 bäş gün dowam eder we prezentasiýalary, okuw sapaklaryny we Apple-iň geljekki işläp taýýarlamalary barada maslahatlary öz içine alar.


düýn 09:49
699

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...

18.01.2026 15:41
9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

17.01.2026 13:23
4.1k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

14.01.2026 09:37
1.2k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...