Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy

  • 21.05.2025 15:40
  • 3.4k+

Kia EV9 dünýäniň elektromobil bazarynda öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Model köp sanly abraýly baýraklara eýe boldy.

2025-nji ýylyň aprel aýynda ulag Volvo EX90 we Mercedes-Benz EQS bilen deňeşdiriji synaglarda üstün çykdy. Hereketlendirijiniň kuwwatynyň pesdigine garamazdan, EV9 tizligini artdyrmak, tygşytlylyk we zarýad tizligi boýunça iň gowy netijeleri görkezdi.
Şeýle-de, awtomobil dizaýny we funksionallygy taýdan tapawutlanýar. Model “Bütindünýä ýylyň awtomobili 2024” (World Car of the Year) titulyny aldy we Women's Worldwide Car of the Year bäsleşiginde iň gowusy diýlip ykrar edildi. Mundan başga-da, Kia EV9 elektromobili iF Design Award we Red Dot Design Award halkara bäsleşiklerinde altyn baýraklara mynasyp boldy.
Kia-nyň howpsuzlygy aýratyn ünse mynasypdyr. EV9 birbada üç guramadan: Amerikanyň IIHS, Ýewropanyň Euro NCAP we Koreýanyň KNCAP guramalaryndan kraş-synaglarda iň ýokary bahalary aldy.
Tehniki taýdan model E-GMP platformasynda guruldy. Onuň bir zarýadda geçýän menzili 501 km barabar.
Kia kompaniýasy EV9-yň innowasion çözgütleri, netijeliligi we döwrebap dizaýny özünde birleşdirmeginiň netijesinde 2025-nji ýylyň iň gowy elektromobilleriniň biri bolup galjakdygyny belleýär. 


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......