ABŞ-nyň asmanynda geň ak zolak peýda boldy: oňa Hytaýyň raketasy sebäp bolupdyr

  • 21.05.2025 15:01
  • 9.2k+

Polýar şöhleleriniň we geomagnit tupanynyň dowam edýän wagty, ABŞ-nyň ýaşaýjylary asmandaky geň galdyryjy ýagty zolaga tomaşa etdiler. Garaşylmadyk hadysa köp sanly tomaşaçyny haýran galdyrdy diýip, «Space.com» habar berýär.

Zolak 17-nji maý gijesi Kolorado ştatynyň asmanynda peýda boldy. Ilkibaşda bilermenler muny gün plazmasynyň Ýeriň atmosferasy bilen täsirleşmegi netijesinde, kämahal ýüze çykýan seýrek atmosfera ýagtylanmasy – «Stiw» (Strong Thermal Emission Velocity Enhancement) diýip çaklapdylar. Emma soňlugy bilen, bu ýagtylygyň Hytaýyň «Zhuque-2E» raketasynyň uçurylyşy bilen baglanyşyklydygy ýüze çykaryldy.
Metan ýangyçly «Zhuque-2E» raketasy Hytaýyň Szýusýuan kosmodromyndan, bu hadysa ýüze çykmazdan ozal, takmynan, bir sagat öň uçurylypdyr. Raketa alty sany emeli hemrany orbita ýerleşdiripdir. Hünärmenleriň sözlerine görä, asmandaky ýagty zolak raketanyň galan ýangyjynyň boşadylmagy ýa-da onuň ýanmagy netijesinde ýüze çykan bolmaly.
Astronom Jonatan Makduell X sosial torunda bu zolagyň raketanyň ýokary basgançagynyň Four Corners sebitiniň üstünden, takmynan, 250 km beýiklikden geçişine gabat gelendigini aýtdy.
Şuňa meňzeş hadysalar mundan ozalam birnäçe gezek ýaşaýjylary geň galdyrypdy. Mysal üçin, ozal «SpaceX» kompaniýasynyň «Falcon 9» raketasy uçurylandan soň, asmanda üýtgeşik spiral şekilli bulutlar peýda bolupdy.


19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

09.06.2026 07:40
8k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8.1k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....